Hünärmenler satuwa çykarylandan iki aý soň “iPhone 12” seriýasynyň iň meşhur “iPhone” hökmünde baha berdiler. Bu barada “JP Morgan” Bankynyň analitiklerine salgylanyp, “Hi-Tech.Mail.ru” habar berdi.
Bank hünärmeni Samik Çatterjäniň pikiriçe, sanawda iň meşhur model “iPhone 12 Pro”. Modele bildirilýän isleg birneme durnukly bolmagynda galýar. Muňa “Apple” onlaýn dükanynda eltip beriş maglumatlary hem şaýatlyk edýär.
Şol bir wagtyň özünde seriýadaky iň gymmat enjam – “iPhone 12 Pro Max” -e bolan isleg peselýär. Bu esasanam Hytaýda göze ilýär. Çatterje tarapyndan 12 aýlyk geçirilen gözegçilik ”iPhone 12 Pro Max”-yň sanawda iň köp gözlenýän telefondygyny ýüze çykardy. Hünärmen seriýadaky az meşhur modelleriň – “iPhone 12 we 12 mini”-lerdigini yglan etdi. ABŞ-da “iPhone 12 Pro” -da uly isleg bar, bu dünýädäki smartfon isleginiň takmynan 35 göterimini emele getirýär. Analitik modeliň 2021-nji ýyla çenli – “Apple” täze enjamlary hödürleýänçä aktual bolup galjakdygyna ynanýar.