Söwda-senagat edarasynyň binasynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplary gatnaşdylar. Tanyşdyryş dabarasyna sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly Türkiýe Respublikasynyň görnükli ylmy işgärleri hem goşulyşdylar.

Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda umumydünýä ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan halkymyzyň medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmek we giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan uly işleriň örän möhümdigi nygtaldy.

Şu ýylyň sentýabr aýynda neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitap eýýäm hytaý, ýapon, rus, azerbaýjan, gruzin we ukrain dillerine terjime edildi. Bu gün bolsa bu sanawy kitabyň türk diline terjime edilen görnüşi artdyrdy.