22-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýapon bankynyň (JWIС) baştutany Tadaşi Maeda bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary ösüş depginini nygtadylar.
Söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi hem-de Türkmenistanyň çägindäki iri möçberli taslamalaryň, şol sanda Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumynyň, Garabogaz şäherindäki karbamid öndürýän zawodyň hem-de Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän (GTG) zawodyň ulanylmaga .berilmegine ýapon tarapynyň gatnaşandygy barada aýdyldy. Şeýle hem ýapon hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň dowam edýändigi nygtalyp geçildi.
Mundan başga-da, taraplar durmuşa geçirilýän taslamalar bilen bir hatarda, gazhimiýa, ulag we oba hojalyk ugurlary boýunça bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerine garadylar.