Günorta Koreýaly “SsangYong” bankrot bolmagy netijesinde suda ýüz tutdy. “The Korea Times” gazetiniň habaryna görä, awtoulag ägirdi hasaplanýan bu kompaniýanyň umumy möhleti geçen bergisi 315,3 milliard won (285 million dollar) töweregi hasaplanýar.
Aýdylmagyna görä, Awtoulag öndürijisi koronawirus pandemiýasynyň ykdysady netijeleri sebäpli maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Korporasiýanyň karzy onuň jemi kapital maýasynyň 42 göterimini düzýär. Kompaniýanyň daşary ýurt maýadarlaryna 100 milliard won (90 million dollar) bergisi bar. Bulardan başga-da, onuň Günorta Koreýanyň karz berijilerine we Koreýanyň Ösüş Bankyna kredit bergisi 215 milliard won (194 million dollar) .
Kompaniýada ýüze çykan kynçylyklar hakynda ýörite beýanatda emele gelen ýagdaýa hakynda şeýle diýilýär: “SsangYong Motor” kompaniýanyň amallarynda möhüm kynçylyklara sebäp bolan karzy üzmek möhletini daşary ýurt banklaryna uzaltmak barada ylalaşyk gazanyp bilmeýändigi sebäpli, bankrotlyk işi üçin suda ýüz tutdy” -diýdi.