Alp daglaryndaky Hoksfogel gerşi ortasyndaky ýaryk sebäpli bölünip biler. Iň bir üns bererlikli ýeri, bu geriş belentliginiň ýerleşýän ýerinden Awstriýa bilen Germaniýanyň serhediniň geçýändigi bellärliklidir.

“Surface” -iň habaryna görä, beýikligi 2500 metrden gowrak bolan dagdaky çatryk öňden peýda bolup, giňelmegini dowam etdirýär. Ol bolsa ýylda 5 millimetr tizlik bilen giňelýär. Alymlaryň anyklamagyna görä, giňelmeleriň käbiriniň ininiň käbir ýerlerde ini 5 metre çenli çat açandygy belli boldy. Hünärmenler bu dowam etse, wagtyň geçmegi bilen 260,000 kub metr gaýanyň Awstriýanyň Hornbaç jülgesine tarap agyp biljekdigini çaklaýarlar. Emma munuň haçan boljakdygyny aýtmak mümkin däl.

Ýeri gelende belläp geçsek, alymlar tarapyndan Alp daglarynyň bu belentliginiň giňelmegi ýel, temperaturanyň üýtgemegi we köp gowşak ýer titremeler sebäpli ýüze çykandygy aýdylýar.