UEFA Ýewropa Çempionlar ligasynyň (Çempionlar kubogy) taryhynyň iň gowy klublarynyň sanawyny yglan etdi.

Reýting klublaryň Çempionlar ligasynda we 1955-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli Ýewropa Çempionlar kubogynda görkezen çykyşlaryna esaslanýar. Toparlara ýeňiş üçin iki oçko we deňme-deňlik üçin bir bal berilýär.

Sanawyň başynda “Real Madrid” bar. “Madrid” topary Ýewropanyň iň abraýly ýaryşyna 51 gezek gatnaşyp, 13 gezek ýeňiji boldy. Topar 445 oýun oýnady, 265 ýeňiş, 77 deňlik we 103 ýeňliş ýaly netijeleri gazanyp, 607 oçko toplady.

Çempionlar ligasynyň taryhynda alty gezek çempion bolan Baýern Mýunhen (495 oçko) we bäş gezek ýeňiji Barselona (459) sanawda ikinji orunda durýar.