“CarMD” ekspertiza merkezi iň ygtybarly hereketlendirijileri öndürýän awtoulag markalarynyň reýtingini hödürledi. “Motor” -yň habar bermegine görä, munuň üçin merkez tarapyndan 1996-njy we 2020-nji ýyllar aralygynda ABŞ-da öndürilen we satylan 15,5 milliondan gowrak awtoulag seljerildi.

Reýtingde ilkinji üçlügini hereketlendirijisi az ýangyç ýakýan markalar eýeledi. Hünärmenler motoryň näsazlygyny we ony barlamagyň zerurdygyny görkezýän görkezijiniň başlangyç ýygylygyny 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabryndan 2020-nji ýylyň 30-njy sentýabryna çenli deňeşdirdiler.

Sanawda “Mitsubishi” markalarynyň arasynda iň aşaky orny eýeledi. 2019-njy ýylda sanawda birinji orny eýelän “Mersedes-Benz” birinji ýeri eýeledi. “Volkswagen” geçen ýylky sanawda ýok – bu gezek ol 3-nji ýerde. Şeýle hem ilkinji 5-lige üçünji ýerden aşak düşen “Buik” we “Ford” (üýtgewsiz) girýär.

Reýtingde indiki üç ýer degişlilikde “Mazda”, “BMW” we “GMC” eýeldi. Gyzykly ýeri, bu üç marka 2019-njy ýyldaky sanawda ýokdy. Geçen ýylky netijeden bir ýer aşaky orny eýelän Subaru dokuzynjylyga mynasyp görüldi.

Hereketlerini aýratyn zolak bilen bejermek üçin arzan modeller we markalar hem bar. Bulara “Kia”, “Chrysler” we “Mazda”, şeýle hem “Hyundai Tucson”, “Subaru Impreza” we “Mersedes-Benz GLE” degişlidir.

 

 

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby

ŞTU KODY:190 337 742