Günorta Koreýa BMG-niň Aralýaka sebitinde adamzat howpsuzlygy boýunça köptaraplaýyn gaznasyna 1 million dollar peşgeş berdi. Özbegistanyň “Gazeta.uz” habarlar gullugynyň maglumatlaryna görä, 17-nji dekabrda Günorta Koreýanyň hökümeti bilen Gaznanyň Nýu-Ýorkdaky ofisiniň arasynda şu maksatly şertnama baglaşyldy.
Gaznanyň habaryna görä, bu serişdeler Aral deňziniň sebitiniň ilatynyň durmuş-ykdysady ýagdaýlaryny, saglygyny we abadançylygyny ýokarlandyrmaga kömek eder.
Resminamalara esaslansak, goşant goşmak bilen Günorta Koreýanyň hökümeti sebitdäki dürli başlangyçlary goldaýar. Hususan-da, Koreýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Guramasy (KOICA) Aral deňzinde köptaraplaýyn ösüş taslamasynyň çäginde 5,56 million dollar grant bermegi meýilleşdirýär.
BMG tarapyndan maliýeleşdirilýän trast gaznasy 2018-nji ýylyň ahyrynda döredildi. Gaznanyň ilkinji daşarky hyzmatdaşy 2019-njy ýylda takmynan 1,1 million dollar üpjün eden Norwegiýa boldy. Ýewropa Bileleşigi 2020-nji ýylyň mart aýynda fond taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin 5 million ýewro bölüp berdi. Finlýandiýa iýun aýynda maliýeleşdirijileriň sanawyna goşuldy. Özbek hökümeti hem gazna 3,5 million dollar peşgeş berdi.
Gaznanyň esasy maksatlary, Aral deňzindäki saglyk, ykdysady ösüş, daşky gurşawyň ýagdaýy, sosial gorag ýaly möhüm meseleleri çözmekde utgaşdyrylan çemeleşmäni üpjün etmekden ybaratdyr.
Gazna Özbegistan hökümetiniň we BMG-niň tagallalaryny birleşdirip, sebitiň ösüşi üçin tehniki we maliýe çeşmelerini toplamak, täze bilimleri, innowasiýa tehnologiýalaryny, durnukly ösüşe çemeleşmeleri çekmek arkaly Aral deňziniň sebitini ösdürmäge borçlanýar.