“Bloomberg” -iň habaryna görä, “Nongfu Spring” çüýşeli agyz suwuny öndürýän kompaniýasynyň esaslandyryjysy hytaýly Çung Şanşan Aziýanyň iň baý adamsyna öwrüldi.
2020-nji ýylda hytaýly telekeçi 70 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy. Şanşanyň baýlygy 77,8 milliard dollar diýlip çaklanylýar. Ol häzirki wagtda öz baýlygy boýunça dünýäde 11-nji we Aziýada birinji ýerde durýar.
Ondan öň Aziýanyň iň baý adamy Hindistanyň “Reliance Industries” kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri we esasy eýesi Mukeş Ambani bolupdy.
Şanşan “Nongfu” agyz suwlaryny öndürmekde başga-da, gepatit sanjymlaryny we COVID-19 synaglaryny öndüriji “Wantai Biological Pharmacy Enterprise Co.” şereketleriniň hem eýesidir. Iki kompaniýanyň 2019-njy ýyldaky girdejisi 3,6 milliard dollardan geçdi.
Çung Şanşan ykdysady älemde “ýeke möjek” hökmünde tanalýar we köpçülige seýrek duş gelýär ýa-da metbugat bilen az aragatnaşyk saklaýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, Çung Şanşan 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Hytaýyň iň baý adamy hökmünde ykrar edildi.