Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etme— kesellerden goranmagyň iň ygtybarly şerti. Elleri ýygy-ýygydan ýuwmak bu peýdaly endik bolup, birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Sebäbi dürli kesel dörediji wiruslar we bakteriýalar ellerde toplanýarlar we ellerimiz bilen ellän zatlarymyz arkaly bedene düşýär. Hut şonuň üçin hem hajathanadan soň, nahar kabul etmezden öň, daşarda gezelenç edilenden soň, asgyrylandan we üsgürilenden soň elleri gowy edip sabyn bilen ýuwmaly. Eger-de eller ýuwulmadyk halatynda adam bedeniniň kesele garşy göreş ukyby—immuniteti kesel döredijiler bilen göreşýär. Ýöne beden gowşan ýagdaýynda hapa elleriň keselleri diýip atlandyrylýan ýokanç keselleriň bir toparynyň döremegi ähtimal. Bu keselleriň hataryna : ýiti iýmit zäherlenmeleri, ýiti içege ýokanç keselleri, ýiti respirator wirus ýokançlary, soguljanlaryň dürli görnüşleri degişlidir. Hut şonuň üçin hem ellerimizi elmydama arassa saklalyň we sagdyn bolalyň!
Eller ýuwulanda iki tarapyny hem barmaklaryň aralary bilen akar suwuň aşagynda sabynlap 20 sekunt gowy edip ýuwmaly. Gowy durlanymyzdan soňra süpürip guratmaly. Günüň dowamynda zyýansyzlandyryjy erginleri hem ulanmaly. Sabynyň antiseptiki görnüşlerini ulanmak has netijeli.
Şeýle-de kesellerden goranmak üçin agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmaly, jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz 2 metr araçägi saklamaly.