Türkiýäniň “Türkhowaýollary” (THY) kompaniýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawynyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu barada “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasynyň “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň internet saýtyna beren maglumatynda aýdylyp geçilýär.

Berlen maglumata laýyklykda, ýörite uçar gatnawynyň 2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda sagat 17:30-da göz öňünde tutulýar.

Şonuň üçin bu ýörite uçar gatnawy barada “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasyna (Atatürk köçesi 82, A7-A8 otagy/ “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň 1-nji gaty. Tel: 861 01 44 33) ýüz tutmak bolar.