Çaý— gymmatly içgi. Ol bedene—kuwwat, seriňe bolsa, tämizlik berýär. Hormatly Prezidentimiziň “Çaý—melhem hem ylham” kitabynda çaýyň düzümi, onuň nähili dertlere dermanlygy, onuň ynsan bedeni üçin gymmatly ýokumlara baýlygy hakynda giňişleýin gürrüň berilýär. Mundan başga-da kitapda çaýy nähili dogry içmelidigi, onuň gadaganlyklary hakynda şeýle setirler getirilýär:
1. Çaý ajöze içilende, ol aşgazana we öt halta zelel ýetirip bilýär.
2. Aşa gyzgyn çaý bogazy, gyzylödegi, aşgazany güýçli gyjyndyrýar. Onuň gyzgynlygy 620-dan geçse, dürli aşgazan kesellerini döretmegi mümkin. Şoňa görä-de onuň gyzgynlygy 560-dan geçmese ýagşy.
3. Sowuk çaý ötüşen dertlerini gozgaýar, gakylyk toplanmagyna getirýär.
4. Hetdenaşa ajy çaýyň düzüminde kofein we tanin köp bolýar. Ol kellagyrynyň döremegine we ukusyzlyga sebäp bolup biler.
5. Çaý demlenende uzak wagtlap saklanylsa, onuň ýokumlylygy peselýär, şol sanda C we P witaminleri ýitirilýär.
6. Çaý birnäçe gezek şemmesine demlenilende, onuň düzümindäki peýdaly serişdeler azalýar. Birinji demlenende olaryň 50 göterimi bar bolsa, ikinjide – 30, üçünjide – 10 göterimi galýar. Şondan soňkulary bolsa özünde diňe ýaramaz galyndylary jemleýär we adama zyýanlydyr.
7. Çaýy nahardan 20-30 minut öň içmeseň, aşgazanda proteiniň özleşmegi wagtlaýynça peselýär.
8. Çaýy nahar iýilen dessine içmegem zyýanlydyr. Ol aşgazan şiresiniň düzümine täsir edýär we iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kynlaşdyrýar.
9. Dermanlary çaý bilen içmek zyýanlydyr. Onuň düzümindäki serişdeler tanin emele getirýär we şeýlelikde, dermanlar çökündi döredýär. Hytaýlylar “Çaý dermanlary dargadýar” diýip, ýöne ýerden aýdan däldirler.
10. Köp duran çaýy, gowusy içmezlikdir. Ol dürli bakteriýalar üçin halanýan iýmitdir. Ony içmek maslahat berilmeýär. Emma bir gije-gündiz saklanylan çaýy käbir halatlarda çalynýan dermanlyk serişde hökmünde ulanyp bolar. Dişleriň sowuklamasynda, düýbi gananda, agyz boşlugynda ýara emele gelende, göz çylpyklanda çaý bilen ýuwulsa nepi gowy. Sowan çaý iriňli ýaralaryň çalt bitmegine hem kömek edýär.
Çaýy şu “gadaganlyklardan” ugur alyp içseňiz, ondan lezzet alyp bilersiňiz. Iň esasy-da, çaý ömri uzaldyjy serişdedir.