Saharada temperatura nol gradusdan peselenden soň birden gar ýagmaga başlady. Suratçy Karim Buhetata garly Saharanyň keşbini taryha möhürlemegi başardy. Bzi bolsa size şol ajaýyp suratlary ýetirmegi makul bildik.

Suratlar Alžiriň Ain Safra şäheriniň golaýynda, deňiz derejesinden 1000 metr belentlikde we Atlas daglary bilen gurşalan giňişlikde şekile düşürilipdir. Suratçy Saud Arabystanynyň demirgazyk-günbataryndaky Tabuk etrabynda garly sahnalary hem taryha möhürledi.

“The Sun” gazetiniň habaryna görä, yssy möwsümde çöldäki temperatura 50 gradusa çenli ýokarlanyp biler. Şeýle-de bolsa, ýanwar aýy Saud Arabystanynda ýylyň iň sowuk wagty hasaplanýar.

Bu wakalardan öň tebigy ýagdaýlar sebäpli dünýä ýüzünde birnäçe hadysalaryň bolandygyny belläp geçmek zerurdyr. Şolaryň hatarynda Ispaniýada 50 ýylyň içinde bolup geçen iň güýçli gar tupanyny, Ýaponiýada güýçli gar ýagmagy sebäpli sekiz adamyň aradan çykmagy we 270-den gowrak adamyň ýaralanmagyny, Indoneziýada ýer titremesi sebäpli bolup geçen adam pidalaryny agzap geçmek bolar.