Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Amannepesow Hökümet mejlisinde ýurtda keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigi barada aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz çäklerinde “Sputnik V” sanjymynyň ulanylmagyny resmi taýdan oňlan Merkezi Aziýadaky ilkinji döwlet bolup, bu sanjymy bellige alan ýurtlaryň ilkinji onlugyna girdi. Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda bu sanjymyň synag işlerini geçirmäge girişildi.
«Sputnik V» bilen bagly degişli synaglar tamamlanansoň, ony Türkmenistana uly mukdarda getirmek we sanjym işlerine tapgyrlaýyn girişmek meýilleşdirilýär.