“Tengrinews” neşiriniň habar bermegine görä, goňşy Gazagystanda 1-nji fewral güni raýatlary koronawirus waksinasy bilen sanjym etmek başlandy. Ýurduň ilaty Russiýanyň “Sputnik V” waksinasy bilen sanjym edilýär. häzirki wagtda bu waksina Gazagystanyň Karagan farmaseftika kärhanasynda öndürilýär.
Şeýle-de, Gazak alymlary tarapyndan döredilen QazCovid waksinasy bilen ilat köpçülikleýin 2021-nji ýylyň mart aýyndan başlap sanjym ediler. Bu waksina häzirki wagtda kliniki synaglardan geçirilýär.
Saglygy goraýyş ministri Alekseý Soýyň sözlerine görä, sanjym etmeklik tapgyrma-tapgyr amala aşyrylar. 1-nji tapgyrda 100 müň, 2-nji tapgyrda mart aýynyň dowamynda 150 müň adam, üçünji tapgyryň ahyryna çenli 6 milliona golaý gazagystanlylary sanjym etmek göz öňünde tutulýar.
“Jon Hopkins” uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, Gazgystanda 235 844 sany koronawirus bilen bagly ýagdaý anyklandy. Näsaglaryň 3046 sanysy bolsa aradan çykan hasaplanýar.