2020-nji ýylyň ahyryna çenli Hytaýda internetden peýdalanýanlaryň sany 989 million adama ýetdi. Bu barada Hytaý aragatnaşyk merkeziniň maglumatlaryna esaslanyp “Sinhua” habarlar gullugy habar berýär. Hytaýyň çäginde IP salgylar we domenleri guramak üçin jogapkär bolan merkeziň aýtmagyna görä, koronawirus pandemiýasy döwründe internetden peýdalanmak mümkinçiligi 5,9 göterime ösüp, 70,4 göterim ýetipdir. Bu barada “Kommersant” habar berýär.
Geçen ýylda Hytaýyň internet peýdalanyjylary mart aýyna deňeşdirende 85,4 milliona çenli ösdi. Döwletiň 986 million ilaty ýa-da internet peýdalanyjylarynyň 99,7%-i ulgamdan öýjükli telefonlary arkaly peýdalanýar. Oba sebitlerinde ýaşaýan internet peýdalanyjylarynyň sany mart aýyna garanda 54,7 milliona köpelip, 309 million adama ýetdi.
Şeýle-de, Hytaýda koronawirusyň ýaýramagynyň deslapky döwründe Alibaba kompaniýasy tarapyndan işlenilip düzülen saglygy goraýyş kodlarynyň ulgamy käbir welaýatlarda ulanylypdy. Soňra bu ulgam bütin ýurt boýunça ýaýrady. Ulgam peýdalanyjylaryň hereketleri we gatnaşyklaryny monitoring edýär. Netijede bolsa ýaşyl, sary we gyzyl kodlary emele getirýär. Şuňa seredip gurama we onuň işgärleri ulgamyň peýdalanyjylaryna çäklendirme girizmek meselesini anyklanýar. “RIA Nowosti”-niň habar berşi ýaly, häzirki wagtda Hytaýyň 900 million ilaty şu ulgamyň koduna eýe boldy.