2020-nji ýylda Toyota BMW-ni yzda galdyryp, gözleg ulgamlary arkaly iň köp gözlenilen awtoulag markasyna öwrüldi. Bu barada dünýäniň 158 ýurdundaky iň köpçülikleýin soraglar boýunça Google Trends maglumatlaryny gözden geçiren Britaniýanyň “Compare the Market” agentliginiň hasabatynda beýan edilýär. Bu barada “Motor” habar berýär.

Netijelere görä, Ýaponiýanyň Toyota kompaniýasy 2020-nji ýylda dünýäniň 55 ýurdunda gözleg ulgamlarynda öňdeligi ele aldy. 2019-njy ýyla garanda 28 ýurtda öz netijelerini gowulandyran Toyota-nyň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy ilkinji nobatda kompaniýada modelleriň geriminiň giňelmegi bilen delillendirilýär. Esasan hem, bu modellaryň arasynda C+pod elektroulaglary, täze Yaris, wodorodda hereketlenýän Mirai we bäşinji nesil RAV4 has hem uly meşhurlyga eýe boldy.

Geçen 2020-nji ýylda BMW öňdeligi elden berdi we 2-nji ýere düşdi. 2019-njy ýylda Bawariýanyň markasy 118 ýurtdaky gözleg ulgamlarynda öňdeligi eýelän bolsa, 2020-nji ýylda – diňe 34 ýurtda şeýle boldy. Şeýle-de bolsa, brend reýtingiň ikinji basgançagyndan orun alan we soňky üç ýylda iň köp gözlenilen markadyr.

Üçünji orun Mercedes-Benz-e nesip etdi. Bu markany dünýäniň 15 ýurdunda ilkinjileriň hatarynda agtarypdyrlar. Dördünji basgançakda Kia (7 döwlet) ýerleşen bolsa, ondan soň Ford (6 döwlet) orun aldy. Şeýle hem sanawda Volvo, Audi, Honda, Nissan, Renault, Hyundai we Peugeot markalarynyň gözleg netijeleri görkezildi.