Futbol boýunça Türkmenstanyň milli ýygyndysy Dünýä çempionaty – 2022-niň hem-de Aziýa Kubogy – 2023-iň çäginde Liwanyň ýygyndysy bilen geçirjek saýlama tapgyryň duşuşygynyň öňüsyrasy 4-nji oktýabrda dört günlük okuw-türgenleşigini geçmek üçin Dubaý şäherine ugur alar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
Ýakynda bolsa milli ýygyndymyzyň horwatiýaly baş tälimçisi Ante Mişe halkara oýnuna gatnaşmak üçin ýygyndy toparyň düzümine çagyrylan 23 ooýunçynyň adyny mälim etdi.
Ýeri gelende bellesek, Liwanyň hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk 10-njy oktýabrda Beýrut şäheriniň “Kamil Şamun Sports Siti stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanar. Bu duşuşygyň yzysüresi ýygyndy toparymyz Kuweýtiň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek üçin El-Kuweýt şäherine ugrar. Milli ýygyndymyz bilen Kuweýtiň ýygyndy toparynyň arasyndaky duşuşyk 15-nji oktýabrda geçiriler.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi:
Familiýasy, ady | Topary |
Derwezeçiler | |
Orazmuhammedow Mämmet | “Altyn Asyr” |
Babaýew Batyr | “Ahal” |
Japarow Rahat | “Köpetdag” |
Goragçylar | |
Saparow Mekan | “Altyn Asyr” |
Söýünow Şöhrat | “Ahal” |
Bäşimow Abdy | “Ahal” |
Annagulyýew Güýçmyrat | “Aşgabat” |
Aşyrow Gurbanguly | “Ahal” |
Annaorazow Serdar | “Ahal” |
Ýarym goragçylar | |
Geldiýew Serdar | “Altyn Asyr” |
Ylýasow Wezirgeldi | “Ahal” |
Hojaýew Resul | “Altyn Asyr” |
Magtymow Yhlas | “Şagadam” |
Gurbanow Merdan | “Ahal” |
Beknazarow Mirza | “Ahal” |
Amanow Arslanmyrat | “Lokomotiw”, Özbegistan |
Gurbani Amir | “Nagaworld”, Kamboja |
Mingazow Ruslan | “Irtyş” , Gazagystan |
Hüjümçiler | |
Durdyýew Didar | “Ahal” |
Orazsähedow Wahyt | “Dordoý”, Gyrgyz Respublikasy |
Titow Mihail | “Altyn Asyr” |
Annadurdyýew Altymyrat | “Altyn Asyr” |
Ýakşiýew Murat | “Altyn Asyr” |
Tälimçiler düzümi | |
Ante Mişe | Baş tälimçi |
Sandro Tomiç | Derwezeçileriň tälimçisi |
Belyh Maksim | Tälimçi |
Garaýew Begenç | Tälimçisi |