Futbol boýunça Angliýa Kubogynyň 1/8 final duşuşyklaryndan biri 10-njy fewralda “Ewerton” we “Tottenhem” klublarynyň arasynda geçdi. “Gudision Park”-da bolup geçen 5-4 hasabyndaky oýun “Ewerton”-nyň peýdasyna tamamlandy.
Bu oýun 1961-nji ýyldan bäri Angliýa Kubogyny almak boýunça geçirilen oýunlaryň çäginde iki sany ýokary derejedäki wekilleriň arasyndaky iň gowy netijeli duşuşyk boldy. 60 ýyl mundan öňki oýunda “Şeffild Uensdeý” topary “Mançester Ýunaýted” toparyny 7:2 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi.
“Ewerton” topary ýarym goragçysy Gilfi Sigurdsson duşuşyk gahrymanlaryndan biri boldy. Islandiýaly 31 ýaşly futbolçy öz hasabyna bir gol we 3 gol gönükdirme bellige goşdy.
Şeýle hem ol 2012-nji ýyldan bäri “Ewerton” toparynyň hasabynda bir oýunda üç golly gönükdirme bermegi başaran ilkinji futbolça öwrüldi. 9 ýyl öň bu işi toparyň öňki ýarym goragçysy Stiwen Pinar amala aşyrdy.