Golaýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sportuň gandbol görnüşi boýunça fakultetleriň arasyndaky ýaryşyň jemleýji final tapgyry geçirildi. Ýurdumyzdaky iň baýry ýokary okuw mekdebiniň Talyplar sport kluby tarapyndan guralan ýaryşlarda saýlama tapgyrlarda ýeňijiligi gazanmagy başaran Iňlis dili we edebiýaty hem-de Biologiýa fakultetleriniň talyp oglanlary bäsleşdiler.

Ýokary ruhubelentlikde geçen gandbol boýunça fakultetleriň arasyndaky final tapgyr ýaryşyna gatnaşan talyp oglanlar Watany Daniýa hasaplanýan gandbol sport görnüşi boýunça öz başarnyklaryny açyp görkezdiler, sportuň inçe tilsimlerini özleşdirendiklerini subut etdiler. Gyzgalaňly ýaryşda 26:21 hasabynda Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň ezber gandbolçy ýigitleri ýeňiş gazandylar. Ýeňijilere uniwersitetiň Talyplar sport klubynyň hormat hatlary we ýokary okuw mekdebiniň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Toýly Muhammetdurdyýew,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby