“Barselona” Ispaniýa Kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşygynda “Sewilýa” bilen duşuşdy. Oýun “Barselonanyň” ýeňilmegi bilen tamamlandy (0:2).
Bu oýun “Barselona” futbol toparynyň hüjümçisi Lionel Messiniň karýerasynda 900-nji oýny boldy. Olaryň 758 sanysy “Barselona” toparynyň düzüminde, ýene-de 142 sanysy Argentina ýygyndy toparynyň düzüminde geçdi.
Şeýle hem, bu Messi üçin “Sewilýa” garşy geçiren 41-nji oýny boldy. Olarda argentinaly futbolçy 37 sany gol geçirdi. Messi La Liga 2020/21-nji ýylky möwsümde şu wagta çenli 19 oýun geçirip, 13 sany gol geçirmegi başardy.