Beýik Britaniýa Ýewro-2020 turnirini özünde geçirmek isleýär. Ony geçirmek barada teklip ýakyn wagtda Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň bileleşigine (UEFA) iberiler diýip, newinform.com habar berýär.
“Uembli” stadiony turniriň ýarym finalyny, 11-nji iýulda bolsa finaly kabul etmeli. Ýöne indi Beýik Britaniýa has köp oýun geçirmäge taýýar.
Sanlaşdyrma, medeniýet, KHBS we sport ministrliginiň başlygy Oliwer Dauden UEFA Ýewro-2020-iň ähli oýunlaryny Birleşen Korollygyň çäginde geçirmegi teklip eder. “Sunday Times” gazetiniň žurnalistleri tarapyndan berlen maglumatlara görä, edara maý aýynyň ahyryna çenli janköýerleri münberlere gaýtarmak boýunça meýilnama düzdi. Beýik Britaniýa munuň janköýerleriň Ýewropanyň ýurtlarynyň köpüsinden ir stadiona gaýdyp gelmegine mümkinçilik döretjekdigine ynanýar.
Koronawirus pandemiýasy sebäpli yza süýşürilen Ýewro-2020 oýunlary 2021-nji ýylyň 11-nji iýunyndan 11-nji iýuly aralygynda Ýewropanyň 12 şäherinde geçmeli: Sankt-Peterburgda, Londonda, Mýunhende, Bakuda, Rimde, Buharestde, Kopengagende, Amsterdamda, Bilbaoda, Glazgoda, Budapeştde we Dublinde.