Penşenbe güni “Barselonanyň” ýolbaşçylygynyň Hawini toparyň täze baş tälimçisi hökmünde göz öňünde tutýandygy habar berildi. Hawiniň özi hem katalon klubunyň baş tälimçisi bolmak isleýändigini aýtdy. Häzirki wagtda Hawi “Al-Sadda” ýolbaşçylyk edýär diýip, metaratings.ru belleýär.

“Häzir men Al-Sadda. Bu Kataryň iň gowy kluby. Geljekde näme boljagyny göreris. Hemmeler meni “Barselonanyň” tälimçisi hökmünde görýär. Men “Barselonany” we häzirki tälimçi Ronald Kumany hormatlaýaryn. Men gizlemek islämok, men “Barselona” ýolbaşçylyk edesim gelýär. Ýöne men häzirki tälimçä we kluba hemişe hormat goýýaryn. Olara üstünlik arzuw edýärin. Saýlawlar bolar, bir aýdan kimiň ýeňýändigini göreris. Men hemişe “Barselonanyň” tälimçisi bolmagy arzuw ederdim” – diýip, Hawi YouTube-da FIFA ýaýlymy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Belläp geçsek, 7-nji martda “Barselonanyň” prezident saýlawlary geçiriler. Hawi “Barselona” üçin 769 oýna gatnaşdy, 85 gezek gol geçirdi we 182 gezek netijeli geçirim etdi. Hawbek 2015-nji ýylda erkin agent hökmünde “Al-Sadda” geçdi. Ol katar klubunda 86 oýna gatnaşyp, 22 goly we 28 netijeli geçirimi bilen tapawutlandy.

“Al-Sadd” bilen Hawi tälimçi hökmünde 2019-njy ýylda şeýh Ýassimiň kubogyny we 2020-nji ýylda Kataryň mirasdüşer şazadasynyň kubogyny utdy.