Mýunheniň saglygy goraýyş departamenti koronawirus ýokanjy sebäpli “Bawariýa” futbol klubuny karantine iberip biler diýip, “Sportschau” nemes žurnaly habar berýär. Muny rsport.ria.ru belleýär.

Penşenbe güni “Bawariýa” toparyň goragçysy Benjamen Pawaryň Covid-19 üçin beren barlagyndan položitel netije alandygyny habar berdi. Ondan öň klub ýarym goragçylar Leon Goreska bilen Hawi Martinesiň, şeýle-de hüjümçi Tomas Mýulleriň wirus bilen keselländigini tassyklady.

Neşiriň habar berşi ýaly, Mýunheniň saglygy goraýyş departamenti ýagdaýy öwrenýär. Häzirlikçe onuň reaksiýasynyň nähili boljakdygy belli däl. Karantine tutuş toparyň iberilmegi hem mümkin. Şäher häkimiýetleri häzir kesellän oýunçylaryň I kategoriýa degişli adamlar bilen aragatnaşyk saklandyklaryny ýa-da ýokdugyny barlaýarlar. Bu kategoriýa girmek üçin adam keselli adam bilen burnuny we ýüzüni goramazdan 15 ýa-da ondan köp minutlap gatnaşykda bolmaly.

Hususan-da, Pawaryň bolan ýeriniň, ýagny Katardaky klublaýyn dünýä çempionatynyň maglumatlary öwrenilýär. 23-nji fewralda “Bawariýa” Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň birinji oýnuny Rimiň “Lasiosy” bilen oýnamaly.