UEFA-nyň Ýewropa ligasynda 1/16 finalynyň ilkinji oýunlaryndan soň rekord goýuldy. Bu barada championat.com habar berdi.

“OptaJoe”-nyň Twitter hasabynda aýdylmagyna görä, UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň 16 oýnunda 59 pökgi geçirildi, bu bolsa 2009/10 möwsüminiň başyndan bäri bir pleý-off agşamy üçin iň ýokary görkezijidir.

Ýewropa ligasynyň 1/16 finalynyň jogap oýunlarynyň 24-25-nji fewralda geçirilmegine garaşylýar. Ýeri gelende ýatlasak, ýaryşyň soňky çempiony Ispaniýanyň “Sewilýa” topary bolup durýar. Ol geçen ýyl ýaryşyň final duşuşygynda milanly “Interi” ýeňipdi.