«Barselonanyň» hem-de Braziliýaly ýygyndysynyň öňki futbolçysy Ronaldinýo Miguelina Dos Santosyň ejesi koronawirusdan aradan çykdy. Bu barada Amerika TV habar berdi.

Meşhur oýunçynyň ejesi 71 ýaşynda aradan çykdy. Ol dekabr aýynda keselhana ýerleşdirilipdi. Ronaldinýo klubda çykyş eden wagty “Atletiko Mineironyň” prezidenti bolan Belo Horizonte şäheriniň häkimi Aleksandr Kalil bu ýitgi bilen baglanyşykly futbolça gynanç bildirdi.

Dekabr aýynda oýunçynyň özi ejesiniň keselhana ýerleşdirilendigini habar berdi. Soňra ol reanimasiýa bölümine kabul edildi.

Oktýabr aýynda 40 ýaşly futbolçynyň özünde COVID-19 tapylandygy habar berildi. Bu kesel öňki türgende asimptomatik däldi.

Awgust aýynda Ronaldinýo Paragwaýda alty aýdan soň Braziliýa gaýdyp geldi. Öňki futbolçy galp pasport ulanandygy üçin tussag edilipdi.

Ronaldinho 2018-nji ýylda pensiýa çykdy. Taryhy futbolçy Barselona, PSŽ, AC Milan, Braziliýaly Flamengo we Atletiko Mineiro ýaly klublarda çykyşlary bilen tanalýar.