Gök çaý düzüminde bedende rak öýjükleriniň döremegine garşy göreşýän ýörite maddany saklaýar. Rensseler politehniki institutynyň amerikaly molekulýar biologlarynyň topary uzak dowam eden gözleglerden soň şeýle netijä geldiler. Bu barada sm.news habar berdi.
“Gök çaýdaky katekinler toparyna girýän maddalaryň biriniň p53 geni bilen täsirleşip biljekdigi kesgitlenildi. Ol DNK zaýalanan halatynda öýjügiň öz-özüni ýok etmek mehanizmini işjeňleşdirýär”-diýlip, habarda aýdylýar.
Alymlar bu ylmy işiň esasynda “Nature Communications” žurnaly üçin ylmy makala ýazdylar. Olar bu iş gök çaýyň şeýle aýratynlygyny rak keseline garşy täze dermanlary döretmekde esas hökmünde ulanmaga kömek eder diýip umyt edýärler.