2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda foto suratlary düşürmek boýunça «Watanymyzyň gözelligi – rowaçlygyň gönezligi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, sergi açyldy. Bäsleşik Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan bilelikde gurnalyp, oňa Türkmenistanyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlary gatnaşdylar. Foto bäsleşige sport, bilim, medeniýet, milli miras, daýhançylyk, çaga durmuşy, meniň maşgalam, tebigatyň gözelligi, ajaýyp binalar, haýwanat dünýäsi, gaýtalanmajak täsinlik, sagdyn durmuş ýörelgesi ýaly temalar boýunça hödürlenildi. Garaşsyz ýurdumyzyň tebigatynyň gözellikleriniň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, daglarynyň we düzleriniň, medeni we durmuş maksatly binalaryň ajaýyp şekillerini foto suratlarda çeperçilik taýdan şöhlelendirýän ýaşlar eserleriň taslama çözgüdine, ýagtylygyň we kölegeleriň bölünmesine, “foto pleneriň” özboluşlylygyna, ýagny howanyň we şöhle berişleriň suratlandyrylyşyna aýratyn üns berip, foto surat düşürmekde özleriniň başarnygyny görkezipdirler.

Türkmenistanyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlardan “Türkmenistan” gazetiniň foto habarçysy Şamyrat Muhammetgurbanow “Arkadagyň ak şäheri Aşgabat” foto eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymy Sanjarbek Ismailow “Aşgabat” foto eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Dizaýn” kafedrasynyň mugallymy Berdimyrat Myradow “Murgap derýasy” foto eseri bilen I orna mynasyp boldular. Bäsleşikde II we III orunlaryna ýurdumyzyň gündeki metbugat neşirleriniň foto habarçylary, dürli kärhanalarda, medeniýet öýlerde, foto studiýalarda zähmet çekýän ýaşlar mynasyp bolup, olar Aşgabat şäherimiziň, ülkämiziň dag gerişlerini, sähralaryny, Hazar deňzini çeperçilik taýdan sazlaşykly şekillendirilen foto eserleri hödürläpdirler.

Türkmenistanyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar hem bu bäsleşige işjeň gatnaşyp, olardan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary Hoşgeldi Garajaýew, Şükür Rozyýew, Atamyrat Çaryýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Kerimberdi Ýalkabow, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyby Merjen Atakowa, Aşgabat şäheriniň 12-nji orta mekdebiniň okuwçysy Aýjemal Sýadiýewa baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet ulgamynda alnyp barylýan özgertmeleri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Nakgaşçylyk kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Hoşgeldi Garajaýewiň işlerinde aýdyň şekillendirilýär. Talybyň çeperçilik akademiýamyzyň Nakgaşçylyk kafedrasynyň Teatr bölüminde bilim almagy onuň medeniýet işgärleriniň gündeki durmuşyna, teatr sahnalaryň çeperçilik aýratynlygyna içgin aralaşmaga güýçli täsir etdi. Onuň “Sungat ägirtleri”, “Ussat halypalar”, “Artist”, “Halypa şägirt”, “Artist Muhammet aga”, “Balerina”, “Halypam bilen” we beýleki foto eserlerinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň, Türkmenistanyň halk artisti Muhammet Bekiýewiň, dutarçy Akmyrat Çaryýewiň, görnükli türkmen nakgaşlaryň, sungaty öwrenijileriň döredijilik durmuşynyň täsirliligi, ýurdumyzda geçirilýän döwlet we halkara çärelerden alnan taryhy pursatlary sergä gelen tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Ýaş foto suratçynyň döredijiliginde “Gadymy sungat”, “Türkmen sungaty”, “Ýaş keramikaçy” ýaly foto suratlary ýaş suratkeşleriň, talyplaryň portretlerini, milli sungatymyzy şekillendirýär.

Ýaş foto suratçylaryň arasynda geçirilen bäsleşik olaryň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, watançy ýaşlary bolup ýetişdirmäge, diýarymyzyň täsin gözelliklerini çeperçilik taýdan wasp etmäge güýçli itergi berer.

Jeren Baltaýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

Amaly-haşam sungaty fakultetiniň

Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy,

Hanmyrat Mämmedow,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

Amaly-haşam sungaty fakultetiniň

Sungaty öwreniş kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby.