"Montmartradaky köçe sahnasy" atly surat 1887-nji ýylda döredilip, şondan
bäri ol surat şol ýerdäki bir maşgala degişlidi. Şeýle-de bolsa, indi satuwa
çykaryldy we Pariždäki, Amsterdamdaky we Gonkongdaky “Sotheby's” sergisinde
görkeziler.
Wan Gogyň sungat hünärmeni Martin Baýli BBC- ä "indi ilkinji gezek oňa
gowy seretmäge mümkinçilik bar" diýdi.
Geçmişde suratdan ownuk köpeltmeler, köplenç gara we ak reňkde edilipdi ,
ýöne näbelli bolup galýardy.
Baýli: "Bu, Wan Gogyň suratkeşiň polkasyndan çykan pursadyndan bäri
gizlenen suraty". "Elmydama şahsy kolleksiýalarda bolýardy, şonuň üçin oňa diňe
eýeleri we dostlary seredýärdi".
“Bu surat, Gollandiýaly Wan Gogyň, garaňky, toprakly äheňleri we Provence
döwrüniň ajaýyp eserlerini ulanan döwründe geçiş pursatyny görkezýändigi bilen
gyzyklanýar. Parižde Impressionistleri tapdy we bu reňk bilen synag geçirmäge
itergi berdi "-diýdi.
Wan Gog, 1886-87-nji ýyllarda kanwada şekillendirilen köçäniň golaýynda
dogany Teo bilen ýaşan döwründe "Montmartrada köçe sahnasyny" döretdi.