Russiýada 8-nji mart dynç güni. Aýal-gyzlara sowgat we gül berilýär – dynç alyşdan üç-dört gün öň satuwy iki esse artýar.
Hytaýda aýallar üçin iş güni sekiz däl-de, dört sagat dowam edýär, ýöne Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň bu maslahaty hökmany däl we käbir iş berijiler muňa boýun egmeýärler.
Italiýada aýallara 8-nji martda mimoza gülleri sowgat edilýär. Bu adat Ikinji jahan urşundan gysga wagt soň Rimde döräpdir, çeşmesi belli däl.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda mart aýallaryň taryhy aýy hasaplanýar. Prezident her ýyl Amerikaly zenanlaryň gazananlaryna we goşantlaryna hormat bilen çykyş edýär.