Germaniýa koronawirusa garşy çäklendiriji çäreleri 28-nji marta çenli üç hepde uzaldýar. Şol bir wagtyň özünde, epidemiologiki ýagdaýyň iň amatly ýerlerinde dükanlar we başga-da birnäçe döwlet edaralary açylar. Bu karar kansler Angela Merkeliň welaýat häkimleri bilen duşuşygynyň netijesinde kabul edildi.

Germaniýada ilkinji zerurlyk harytlaryny satýanlardan başga ähli dükanlar 16-njy dekabrda ýapylypdy. Hökümet olaryň açylmagy üçin ýörite şert goýdy — her 100 müň ilata hepdede 35-den köp bolmadyk ýokuşma ýagdaýy hasaba alynmaly.

Angela Merkel: “Indi 2020-nji ýylda bolmadyk iki kömekçiniň kömegi bilen ýagdaýy has gowy ýeňip geçýäris. Bu kömekçiler — sanjymlaryň dürli görnüşleri we synaglaryň toplumy. Federal hökümet tarapyndan hepdede bir barlag 8-nji martdan başlap her bir raýata mugt berler. Munuň üçin ýerli barlag merkezleri dörediler “.