Gyşky windsörfing Finlýandiýada meşhur sport görnüşidir. Helsinkide, Baltika deňziniň kenaryndaky Hernesaari sebiti, ýokary tizligiň muşdaklaryny özüne çekip, her möwsüm ýaryş meýdançasyna öwrülýär. Gyş aýlarynda tolkun ýok we aerobatik gämi sagatda 100 kilometr tizlik bilen buzda ylgap biler.
Hünärmenleriň pikiriçe, dünýäde, şol sanda Russiýada-da 1000 töweregi adam buzda gaýyk sürmek bilen meşgullanýar.
Finlýandiýaly türgenler buz örtüginiň häzirki wagtda 30 santimetr galyňdygyny we doňan üstünde kiçijik ýük awtoulagynyň hereket edip biljekdigini aýdýarlar.