Pingwin adamlar bilen bilelikde howpsuz ýere bardy we öz ýoluny dowam
etdi.
Blogçy 40 ýaşly Matt Karsten we onuň 32 ýaşly aýaly Anna Antarktidadaky
Gerlaç bogazynda aýsberg gezelenjinde adatdan daşary ýagdaýa şaýat boldular.
Syýahatçylar suwda ýeke pingwini görenlerinde, ekskursiýa gaýyklaryna
kitleriň bir topary golaý ýüzýärdi. Ýyrtyjylar pingwini awlamak üçin çaltlaşdylar,
pingwin bolsa kitlerden uzaklaşmak üçin gaýykdaky syýahatçylara tarap
howlukdy.
Görnüşinden, pingwin adamlar bilen has howpsuz boljakdygyna göz ýetirip,
gaýyklaryň birine bökjek boldy. Emma ilkinji synanyşyk şowsuz boldy we ýene
suwa gaçdy. Emma pingwin ikinji gezek meýlini ýerine ýetirmegi başardy –
syýahatçylar oňa münmäge kömek etdiler.
Kitler pingwiniň elden gidenini görüp, daşlaşdylar pingwin bolsa gaýykda
biraz ýüzüp soňra öz ýoluny dowam etdi, diýip The Sun habar berýär.
Antarktidada pingwin syýahatçylaryň gaýygyna münüp kitden gaçdy
