Fewral aýynyň ahyrynda, Antarktidada kitlere tomaşa etmek üçin giden
syýahatçylar, kitleriň biri bilen has ýakyn tanyşmak isleglerini doly
kanagatlandyryp bildiler.
Deňiz ägirdi toparyndan aýrylyp, göni gaýyklara tarap ugrady. Aralarynda
ýüzüp, suwdan birnäçe gezek çykdy.
Kiti ýakyn aralykda gören syýahatçylar geň galdylar we ýatdan çykmajak
wideolary suratlary almak üçin saklandylar.