Ýönekeý düzgünleri berjaý etseňiz, smartfonyňyzdaky batareýanyň ömrüni
ep-esli uzaldyp bilersiňiz. Muny batareýa tehnologiýa kompaniýasy
“BatterieIngenieure” -iň müdiri Dominik Şulte aýtdy.
Häzirki zaman smartfonlary esasan litiý-ion batareýalarydyr. Wagtyň geçmegi
bilen olar garrap, himiki düzümini üýtgedýärler – bu sebäpli batareýanyň kuwwaty
we durnuklylygy peselýär. Şonuň üçin köne smartfonlar sowukda birden öçüp ýa-
da birden güýjüni ýitirip biler. Bu, adatça batareýanyň hiline we zarýad
aýlawlaryna baglylykda iki-üç ýyldan soň ýüze çykýar.
Dominik Şulteniň pikiriçe, batareýa üçin esasy zyýanly faktor, derejesi 100%
ýokarlananda zarýad bermekdir. Esasanam enjamy bir gijäniň dowamynda zarýad
berseňiz.
Smartfonlar, hatda gulplanan ýagdaýynda-da, programmalary täzelemek,
faýllary göçürip almak we täze habarlary barlamak üçin batareýanyň güýjüni kem-
kemden sarp edýär. Şonuň üçin smartfon zarýadyň birnäçe göterimini yzygiderli
sarp eder we derrew 100% -e çenli doldurar. Bu üznüksiz minimal zarýad we
zarýad siklleri batareýany könelýär.