Fonasty aýdym-sazy, belli ynançlaryň tersine, adamyň döredijilik ukybyny
gowulaşdyrman, tersine zyýan ýetirýär.
"AlphaGalileo"-nyň habaryna görä, Şwesiýanyň we Angliýanyň barlagçylary
şeýle netijä geldiler. Barlaga gatnaşyjylaryndan döredijilik talap edýän söz
ýumuşlarynyň bir toparyny tamamlamagyny haýyş etdiler. Görnüşi ýaly, fon
aýdym-sazlary adamlaryň sözleýiş ukybyna ep-esli zyýan ýetirdi.
Gatnaşanlaryň aýdym-sazy halaýandyklary we haýsy žanrlary diňländikleri
möhüm däldi.
Şol bir wagtyň özünde, alymlar fon sesiniň hem bolan kitaphanada
eksperimente gatnaşyjylaryň döredijilik meselelerini edil ümsümlikdäki ýaly
çözendiklerini anykladylar.
Gözlegiň awtorlarynyň biri psiholog Jon Marş: "Muny kitaphanadaky fon
sesiniň durnukly we üýtgemezligi bilen düşündirip bolar" -diýdi.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Alymlar fon aňyrsynda aýdym-saz diňlemegiň garaşylmadyk täsirini tapdylar
Alymlar fon aňyrsynda aýdym-saz diňlemegiň garaşylmadyk täsirini tapdylar
