“Netflix” platformasy “Harabadan çykan millioner” filmindäki keşbiniň üsti
bilen tanalan Dew Pateliň režissýor hökmünde döreden ilkinji filmini görkezmek
üçin 30 mln dollarlyk şertnama baglaşdy.
Filmiň surata düşüriliş işleri golaýda tamamlandy. Patel filmde baş keşbi
ýerine ýetirdi. Kartina “Maýmyn adam” adyny aldy.
Filmiň sýužetiniň merkezinde ýalan aýyplama bilen tussag edilen we soňra
azatlyga çykan gahryman bar. Indi onuň esasy maksady – birnäçe ýyl öň onuň ähli
zadyny alan adamlardan ar almak bolar.
Filmiň ilkinji şekillerini gören käbir hünärmenleriň pikirine görä, eseri
“Mumbaýdaky Jon Uik “ diýip atlandyrmagy mümkin. Pateliň özi bolsa hindileriň
Hanuman – ýarym adam, ýarym maýmyn hakyndaky gadymy rowaýataryndan
ylhamlanypdyr.
Şeýle-de, filmde “Roýan 9” arkaly meşhurlyga eýe bolan Şarlto Kopli hem
surata düşýär. Aýtmaklaryna görä, striming serwisde film relizi 2022-nji ýylda
peýda bolar.
«Netflix» Dew Pateliň «Maýmyn adam» filmini 30 mln dollara satyn aldy
