Finlýandiýaly alymlar howadan nahar taýýarlamaga mümkinçilik berýän
tehnologiýany döretdiler. Bu barada “Korrespondent.net” habar berdi.
Solein – täze önüm şeýle atlandyryldy. Hünärmenleriň pikirine görä, ondan
bioreaktordan çykýan edil sary un ýaly görnüşe eýedir. Alymlaryň pikiriçe, ony
nahar taýýarlamakda peýdalanmak mümkin bolar. Solein tehnologiýasynyň esasy
özüne mahsuslygy – ony artykmaç harajat we hereketsiz laboratoriýa şertlerinde
döretmek mümkinligindedir.
Finlýandiýanyň hökümeti döredijilere taslamany rowaçlandyrmak üçin 5
million dollar bölüp berdi. Çaklamalara görä, önüm iki ýyldan soň bazarlarda
peýda bolar.