Barselonanyň täze prezidenti Joan Laporta toparyň hüjümçisi Lionel Messä
ömürlik şertnama hödürlemek isleýär. Bu barada El Confidencial tarapyndan
hasabat berildi.
Çeşmäniň habaryna görä, şertnama argentinaly oýunçynyň karýerasy
gutarandan soň hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar.
Şol bir wagtyň özünde şertnamanyň mukdarynyň azalmagy ähtimal – bu
koronawirus pandemiýasy sebäpli klubda dörän maliýe kynçylyklary bilen
baglanyşykly.
Laporta 8-nji martda Barselonanyň prezidenti boldy. Saýlawlarda
saýlawçylaryň 54,28 göterimi oňa ses berdi.
31-nji ýanwarda El Mundo, Messiniň Barselona bilen häzirki şertnamasynyň
jikme-jikliklerini aýan etdi. Tölegleriň umumy mukdarynyň takmynan 556 million
ýewro boljakdygy habar berildi.
2020-nji ýylyň tomsunda Messi, Kataloniýa klubyndan çykmagy maksat
edinýärdi. Şeýle-de bolsa, Barselonanyň ýolbaşçylary oýunçyny toparda galmaga
yrmagy başardylar. Häzirki şertnama 2021-nji ýylyň tomsunda gutarýar.