Awstraliýanyň Wiktoriýa ştatyndaky Ballarat ýabany tebigat seýilgähiniň
işgärleri bu hoş habary sosial ulgamlarda paýlaşdylar. Ýaňy-ýakynda ol ýerde
örän açyk daş görnüşli täze wombat çagasy dünýä indi.
Munuň tapawutlylygy, täze doglan wombat gyzjagazyň garyndaşlary ýaly çal
däl-de, açyk sary bolup dogmagy. Şeýle üýtgeşik haýwanyň dünýä inmegi hakyky
sensasiýa boldy we haýwanat bagynyň işgärleri sosial ulgamlarda çagajyga iň
gowy at üçin bäsleşik yglan etdiler.
Bary ýogy birnäçe günüň içinde laýyk at saýlandy. Sary wombata umumy ses
bermek arkaly “Hani Ban” diýlip at dakyldy (Iňlis dilinden terjime edilende Boney
Bun – bally bulkajyk).
Goraghananyň kuratory Julia Leonard ilkinji günlerinden başlap Hani Ban
haýwanat bagynyň hakyky ýyldyzy we hemmeleriň söýgüli haýwany
bolandygyny, emma çagajygyň entek myhmanlara görkezilmändigini aýtdy.
Daşary çykmazdan ozal ol biraz ulalmaly we güýçlenmeli –diýip Daily Mail
ýazdy.