UFC Nurmagomedowyň pensiýa çykjakdygyny resmi taýdan tassyklamagyna
şeýle jogap berdi.
Indi, agram kategoriýasyna garamazdan UFC jemlenen reýtinginde, ozal
birinji orny eýelän Nurmagomedowyň ýerini, öňki ýeňil agram guşak eýesi Jon
Jons eýeleýär. Ol Habibiň 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Justin Getjiden üstün
çykýan pursatyna çenli reýting sanawynda birinji ýeri eýeleýärdi. Ikinji orunda
bolsa orta agram çempiony Kamaru Usman, iň agyr agramly Stipe Mioçiç ilkinji
üçlügi ýapýar.
Indiki üçlügi bolsa orta ýeňil agramly guşak eýesi Aleksandr Wolkanowskiý,
orta agramly çempion Izrail Adesanýa we öňki wagtaýyn ýeňil agramly çempion
Dastin Porýe tamamlaýar. Öňki ýeňil agramly rus çempiony Pýotr Ýan ilkinji
onlugy ýapýar, 15-nji ýere iki agram kategorýaly öňki çempion Konor MakGregor
gaýdyp geldi.