Messi Ispaniýanyň çempionatynyň 28-nji tapgyrynyň “Real Sosyedad” bilen
oýnunda dubl geçirdi (6:1). Şeýlelikde, argentinaly hüjümçi La Ligada 467 pökgi
geçirdi, Pelede Braziliýa çempionatynda 1956-njy ýyldan 1974-nji ýyla çenli
Santosda oýnap, şonça gezek tapawutlanpdy.
Braziliýanyň A seriýasy diňe 1971-nji ýylda döredileli bäri, San-Paulu döwlet
çempionatynda gollary hasaplaýandygy baradaky jedele garamazdan, Peläň bir
çempionatda gazanan gollarynyň sanynda öňdebaryjydygy bellendi. Şeýle-de
bolsa, Messi bu maglumatlary göz öňünde tutup, bir çempionatda pökgi geçirmek
ukyby boýunça Pele bilen deňleşdi.
Şeýlelik bilen Messi öz karýerasynda ”Barselona”üçin 768 oýun geçirdi we
şonlukda “gök-gyzyllaryň”düzüminde oýnan oýunlarynuň sany boýunça rekordy
täzeledi. Öňki rekord kärini tamamlan “Barsa” toparynyň öňki kapitany Hawi
degişlidi.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Messi bir çempionatda geçirilen pökginiň sany boýunça Peläniň rekordyny gaýtalady
Messi bir çempionatda geçirilen pökginiň sany boýunça Peläniň rekordyny gaýtalady
