Adamyň doglan aýy olaryň saglygyna täsir edip biler. Bu, ispan alymlarynyň
toparynyň gözlegleriniň dowamynda gelen netijesi.
Hünärmenler, iň oňat saglyk görkezijileriniň adatça tomusda doglanlarda ýüze
çykýandygyny anyklamagy başardylar. Bu, tomusda adamlaryň bedeni dürli
kesellerden goraýan D witamini almak üçin has köp mümkinçilikleriniň bolmagy
bilen düşündirilýär.
Munuň tersine, gyşda doglanlar has köp kesele sezewar bolýarlar we merkezi
nerw ulgamynyň akyl bozulmalaryna we çişlerine has köp duş gelýärler. Doglan
güni ýazda düşýän adamlar köplenç allergiýadan we demgysma keselinden ejir
çekýärler. Güýzde doglanlaryň arasynda ýüz ýaşlylar köplenç duş gelýär.