Islandiýadaky garly ýolyň suraty ýeňiji boldy.
B&W Minimalism žurnaly ak-gara fotosuratlaryň halkara bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi.
Bäsleşige dünýäniň suratçylarynyň 1400-den gowrak suraty gatnaşdy. Finala hünärmen eminler tarapyndan saýlanan iň oňat 50 eser degişli we ol eminleriň arasynda-suratçy we binagär Oliwier Robert, suratçy we wizual suratkeş Noel Osswald we B&W Minimalism žurnalynyň baş redaktory Milad Safabahşem bar.
Minimalist ak-gara surat bäsleşiginiň esasy baýragy ,landşaft suratçy Beýikbritaniýaly Tim Nýuellň Islandiýada dronuň kömegi bilen düşirilen “Ýeke” atly suratyna gowşuryldy .