Onuň bilen uly pandalaryň watanynda aýlanyp bilersiňiz.

24-nji martda Hytaýyň günorta-günbataryndaky Siçuan welaýatynda Hytaýyň ilkinji, hakyky syýahatçy” Panda otlusy” işe girizildi.

Ilkibaşda ony fewral aýynyň başynda ýola goýmak meýilleşdirilipdi, ýöne soňra marşrutyň açylmagy mart aýynyň ahyryna yza süýşürildi.

“Panda otlusy” iň meşhur syýahatçylyk ýerleri bolan Siçuan, Guizhou we Çongçin welaýatlarynyň arasynda hereket edýär.

Panda şekili otlusynyň özi tigirli myhmanhana meňzeýär. Onda duşly, ýatylýan wagonlar, oturgyçly wagon, restoran we birnäçe oýun we dynç alyş ýerleri bar.

Hytaýda öň işe girizilen tematiki elektrik demir ýol otlylardan we pandaly metro wagonlaryndan tapawutlylykda, täze uzak aralyga niýetlenen otly asuda we döwrebap dizaýn hem-de pandalaryň ýürege düşmeýän şekilleri ulanylan ajaýyp bezelen interiýere eýedir.