Sergi wagtynda kompaniýa “akylly” jaý üçin ähli döwrebap enjamlary we enjamlary ýygnan taýýar jaýyň mysalyny görkezdi.
Jaýyň islendik enjamy – smartfon, kompýuter, planşet ýa-da telewizor”akylly” jaýy dolandyryp biler. Şeýle etmek bilen, Huawei telewizor düşünjesiniň aňyrsyndan daşlaşmak isleýär, şonuň üçin kompaniýa olara “akylly” ekranlar diýýär. Telewizor ikinji fona geçýändigi sebäpli, bu ekran wideo jaňlary, öýdäki beýleki enjamlary ýa-da dürli programmalary dolandyrmak üçin ulanylyp bilner.
Akylly enjamlar kwartiranyň hemme ýerinde ýerleşdirilen. Zalda telewizor ýa-da ses güýçlendirijiler bolsa, aşhanada nahar bişirmek üçin dýrli enjamlary,bug gazanlaryny ýa-da peçleri uzakdan ýaňny başga bir otagdan dolandyryp bolar.Otaglaryň birinde hatda golf oýununy gowy görýänler üçin trenažorlar bar. Her zarbanyň netijesi, ela dakylan”akylly” sagat bilen yzarlanýar we sinhronlanýar.We ol beýleki trnažorlar bilen hem işleşip biler.
“HiCar” awtoulag ulgamy” akylly” jaýa birikdirildi. Jaýdaky ähli enjamlaryň işlemegi üçin “Öýe gaýdyp gelmek” režlmlne geçmek üçin bir söz aýtmak ýeterlik – mysal üçin kondisioner, howa arassalaýjy enjam we beýleki enjamlar açylyp biler. Şuňa meňzeş planlary öňünden düzip bolar.