Sankt-Marks meýdançasynyň golaýyndaky Wenesiýa Giudecca kanalynda birnäçe delfin göze ildi. Haýwanlar adamlardan we suw transportyndan gorkman aýlandylar.

Karantin çäklendirmeleriniň dowamynda adatça ýylda 20 million syýahatçy gelýän Wenesiýada motorly gaýyklar, suw taksileri we kruiz gämileri has azaldy. Haýwanlar diňe bir gämilerden azat bolman, eýsem has arassa suwda howpsuz ýüzýärler.

Karantiniň “arassalaýyş” täsiri pandemiýa başlanandan gysga wagt soň ýüze çykdy. Geçen ýylyň mart aýynda Wenesiýanyň kanallarynda ördekler we guşlar, aprel aýynda meduza tapyldy.

Wenesiýada karantin iki hepde bäri dowam edýär. Güýçli çäklendirmeler 6-njy aprele çenli hereket eder.