Astronomlar Ýupiteriň orta atmosferasyndaky howa akymlarynyň tizligini ilkinji gezek ölçediler. Ol ýerdäki howa akymlary aýlaw görnüşine eýe bolup, Ýerdäki tornado meňzeýär.

Ýupiterdäki ýeliň tizliginiň sagatda takmynan 1450 km bolandygy ýüze çykdy. Bu, planetamyzdaky iň güýçli tornado wagtynda hünärmenler tarapyndan ýazylan ýel tizliginden üç esse ýokarydyr.

“Biziň gözleglerimiz, burkmalaryň (ýel akymlarynyň) diametri Ýeriň diametrindenem dört esse beýiklikde takmynan 900 kilometre ýetýän äpet tuweleý ýaly hereket edip biljekdigini görkezýär” – Bordo şäherindäki Fransuz Astrofizika laboratoriýasynyň alymlary düşündirýärler. Olaryň pikiriçe, bu ululykdaky tuweleý “gün sistemamyzdaky seýrek meteorologiki wagşydyr”.