Näsagyň ýüzüne ünsli seredip, bilip bolýan keseller bar. Olaryň haýsylardygyny – terapewt, allergist-immunolog Irina Ýarsewa aýtdy. Bu barada Nation News ýazýar.

Hünärmen, galkan görnüşli mäzleriň keseliniň dürli usullar bilen ýüze çykyp biljekdigini aýtdy. Gözleriň ulalmagy galkan görnüşli mäzleriň keseliniň soňky tapgyrydyr. Ýöne keseliň başlangyç tapgyry, meselem, aladanyň ýokarlanmagy sebäpli adamyň maňlaýynda der peýda bolsa, tanap bolýar .

Ýürekdäki näsazlyklary burnuň reňki bilen görkezilýär. Burun üçburçlugynyň ýa-da ujynyň gök bolmagy ýürek ýetmezçiligi hakda aýdýar diýip, Ýarsewa düşündirdi. Ýöne ösüş gormonynyň köp bolanlygy akromegali ýa-da gigantizm ýaly diagnozlar , uly gulak ýa-da ýüzüň we bedeniň ululygyna laýyk gelmeýän eňek bilen häsiýetlendirilýär.

“Kabul edişlikde köp faktorlara üns berýäris. Demiriň çökündisiniň, holesteriniň nyşanlarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny görkezýän gözlere hökman seredýäris, aşgazan-içege ulgamlaryndaky, näsazlyklary görkezýän dili barlaýarys şeýle hem ellerdäki dyrnaklary. “Patogenomoniki alamatlar köp “-diýip Ýarsewa sözüni jemledi