Sidneýiň golaýyndaky Awstraliýanyň Kogi kenaryndaky dynç alýanlar suwdaky ägirt uly predmetiňm haýallyk bilen kenara ýakynlaşmagyndan gorkdular.
“Daily Mail” -iň habaryna görä, köpler ony kit diýip hasapladylar we hatda ýabany tebigaty goraýjylara çagyrdylar. Ýöne ýüzýän zat 20 müň litrlik ullakan plastik bak bolup, hakykatdanam deňiz haýwanyna meňzeş bolup, tekizlenipdi.
Bilermenleriň pikiriçe, Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatynda bolan suw joşmalarynda derýalara we ummana köp zatlar girdi, indi bolsa suw olary kem-kemden kenara alyp barýar.
Bak soňunda kenara düşdi we indi syýahatçylaryň we geçip barýanlaryň ünsüni hemişe özüne çekýär. Hatda sungat gurnamasynyň bir obýekti hasaplap, onuň bilen surata düşýärler.